— <b>Programma buýruk setirinden başladylanda ulanylýan argumentler</b>

<tt>-v</tt> ýa-da <tt>--version</tt> argumenti bilen başladylanda, Kickshaw-yň häzirki wersiýasy görkezilýär. <tt>-h</tt> we <tt>--help</tt> argumentleri bu maslahatlar penjiresine nähili girip bolýandygy barada düşündirişi görkezmäge we kabul edilýän argumentleriň sanawyny görkezmäge hyzmat edýär.
Kickshaw-y menýu faýlynyň ýoly argumenti hökmünde hem başladyp bolýar. Goşmaça täsir hökmünde, bu faýl dolandyryjylarynda kontekst menýusyny ulanyp, menýu faýllaryny Kickshaw bilen açmaga mümkinçilik berýär.

— <b>Kickshaw tarapyndan döredilýän faýllar</b>

<b>Hemişelik</b>

Kickshaw ulanyjynyň öý katalogynda ýerleşýän <tt>.kickshawrc</tt> atly öz sazlama faýlyny döredýär.

<b>Wagtlaýyn</b>

Her bir redaktirleme üçin, <tt>/tmp/kickshaw.XXXXXX</tt> içinde gaýtar üýşmek faýly döredilýär (X-ler erkin harplar we sanlar üçin ýertutuş). Eger programma garaşylmadyk ýagdaýda ýapylsa, bukja galýar, ýöne ol diňe kiçi faýllary saklaýandygy we adatça iň soňky täzeden işledileninde awtomatik usulda pozulýandygy sebäpli alada etmäge gerek ýok.

Kickshaw öý bukjasynda <tt>.kickshaw_autosave</tt> atly awto-sakla faýlyny hem döredýär. Ol her redaktirlemeden soň täzelenýär we programma ýapylanda pozulýar. Eger Kickshaw kadaly däl usulda togtadylan bolsa, programmanyň indiki başlanmagynda, ulanyjydan menýuny awto-sakladan dikeltmek ýa-da awto-saklany pozmagy soralýar.
